Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY<br>«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY<br>«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 12405
I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) şu goşmaçalary girizmeli:

64-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«641-nji madda. Kazylaryň etikasynyň kodeksi

1. Kazylaryň etikasynyň kodeksi kazylaryň maslahatynyň namasy bolup, ol jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar. Kazylaryň etikasynyň kodeksi adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça her bir kazy üçin hünär işini amala aşyranda özüni alyp barşynyň hökmany kadalaryny belleýär.

2. Kazylaryň etikasynyň kodeksi Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda tassyklanylýar.»;

65-nji maddanyň altynjy böleginiň 3-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«31) Kazylaryň etikasynyň kodeksini tassyklaýar;»;

74-nji maddanyň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«21) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalaryny gödek bozanda;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.